SPORT

“Real Madrid” birinji orna geçdi

Ispaniýa çempionatynyň 30-njy tapgyrynyň oýnunda “Real Madrid” topary “Real Sosýedad” toparyny myhmançylykda ýeňdi. Myhmanlar 2: 1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykdaky üç pökgüniň hemmesi ikinji ýarymda tora girizildi. “Real Sosýedadyň” düzüminde Mikel Merino, şa toparyň düzüminde Serhiýo Ramos we Karim Benzema tapawutlandylar. Bu ýeňişden soň “Real Madrid” sanawda öňdeligi eýeledi – iki topar hem 65 utuk toplady, emma Madridiň kluby bu möwsümde ýüzbe-ýüz duşuşyklarda artykmaçlyga eýe boldy.

“Real”-yň kapitany La Liganyň taryhynda iň gowy goragçy boldy – oýunçynyň hasabynda 68 goly bar. Ozal ispanlar bu görkeziji boýunça “Barselonanyň” öňki oýunçysy Ronald Kuman bilen birinji orny paýlaşdy. Duşuşygyň dowamynda Ramosyň çep dyzyndan şikes alandygyny we oýnuň 60-njy minutynda meýdançadan çykmaga mejbur bolandygyny bellemeli. Bu möwsümde goragçy “La Liga” çempionatynda 28 oýunda 7 gezek tapawutlandy.

Ýene-de okaň

Lionel Messiniň dünýä çempionatyndaky täze rekordy

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi