SPORT

Habib Nurmagomedowyň çempionlyk ýeňşi

Ýeňil agramda UFC ýaryşynyň çempiony hasaplanýan Russiýanyň dagystanly türgeni Habib Nurmagomedow amerikaly garşydaşy Jastin Getžini ýeňdi. Şeýlelikde Habib UFC çempionlyk derejesini gorap, ol sport durmuşyny hem tamamlanýandygyny mälim etdi.

UFC 254 ýaryşy esasynda geçirilen bu tutluşyk Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki “Söweş adasynda” geçirildi. Eminler tutluşygyň ikinji raundynda oýny sakladylar. Habibiň garşydaşyny bogujy emeli bilen ýeňmegi başardy.

Russiýaly türgen çempionlyk derejesini üçünji gezek gorady. Şeýlelikde, 32 ýaşly Habib Nurmogamedow geçiren 29 tutluşygyny hem ýeňiş bilen tamamlap, ýeňil agramdaky sportuň başa baş göreş ugrundaky karýerasyny tamamlady.

Habibiň garşydaşy amerikaly türgen Getži bolsa üçünji gezek ýeňlişe sezewar bolup, gazanan 22 ýeňşi bilen galdy.

Habib tutluşyk tamamlanandan soňra beren beýanatynda şeýle diýdi:

– Allatagala maňa hemme zady berdi. Bu oglanlar meniň bilen. Bu gün meniň soňky tutluşygyny geçirdim. UFC ýolbaşçylaryndan haýyş etjek ýekeje zadym, indiki hepde meni sanawda birinji ýerde goýmak.

Habibiň ikinji tälimçisi Hawýer Mendesiň “Instragram” jemgyýetçilik torundan beren beýanatyna görä, Habibiň golaý wagtda ýaş türgenleri taýýarlaýan tälimçi hökmünde gaýdyp gelip biljekdigini belledi.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri