SPORT

Honda 5 aýry yklymda tapawutlanan futbolçy

Ýaponiýaly futbolçy Keisuke Honda häzirki wagtda Braziliýanyň “Botafogo” toparynda oýnaýar. Golaýda ol bu toparynyň düzümine tapawutlanmagy başardy. Şeýlelikde ol 5 aýry yklymda tapawutlanyp, uly üstünligiň hötdesinden geldi.

Ilkibaşda öz dogduk watany Ýaponiýanyň “Seiryo” we “Nagoya” toparlarynda futbol durmuşyna başlan Honda soňra Niderlandlaryň “Wenlo” we “Witesse”, Russiýanyň SSKA, Italiýanyň “Milan”, Meksikanyň “Pachuca” we Awstraliýanyň “Melbourne Victory” ýaly toparlaryň düzüminde çykyş etdi.

Häzirki wagtda Braziliýanyň toparynyň düzüminde çykyş edýän Honda 5 aýry yklymda tapawutlanyp, seýrek duş gelýän üstünligiň eýesi boldy.

Bu ugurda şeýle üstünligi gazanan ýene-de bir futbolçy braziliýaly Romariodyr.

Ol hem öz döwründe 5 aýry yklymda futbol oýnapdy. 43 ýaşynda futbol bilen hoşlaşan Romario 1994-nji ýylda Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolupdy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy