SPORT

Ronaldonyň täze rekordy: 900 gol geçiren ilkinji futbolçy

Saud Arabystanyň “Al-Nasr” toparynda çykyş edýän Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Krisitano Ronaldo resmi duşuşyklarda 900-nji goluny geçirip, şeýle görkezijä eýe bolan ilkinji futbolçy boldy.

Ol Milletler ligasynda Portugaliýa bilen Horwatiýanyň arasynda geçirilen duşuşykda oýnap, duşuşygyň 34-nji minutynda tapawutlandy. Duşuşyk 2:1 hasabynda portugallaryň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, 39 ýaşyndaky Ronaldo resmi duşuşyklarda 900 gol geçiren ilkinji futbolçy adyna eýe boldy. Ol “Sporting” toparynyň düzüminde 5, “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde 145, “Real Madridiň” düzüminde 450, “Ýuwentusyň” düzüminde 101, “Al-Nasryň” düzüminde 68 gol geçirip, milli ýygyndy bilen geçiren duşuşyklarynda 131 gol geçirdi.

Ronaldo futbol taryhynyň iň köp gol geçiren futbolçysy, şol san-da, milli ýygyndynyň düzüminde, Ýewropa çempionatynda, Çempionlar ligasynda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň biridir.

Ronaldo 2003-nji ýyldan bäri Portugaliýanyň düzüminde çykyş edip, 213 duşuşykda oýnady.

Related posts

Habi Alonso «Çelsi» toparynyň baş tälimçisi boldy

Mbappe jemgyýetçilik torunda hem üstünlik gazanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen futbolçy Lionel Messiniň toparyna garşy çykyş etdi

Ata Watan Eserleri