SPORT

20 ýyldan soňra ýene-de Lihtenşteýni ýeňdi

San-Marinonyň milli ýygyndysy 20 ýyldan soňra resmi duşuşykda ýeňiş gazandy. Milletler ligasynda “D” toparçada çyykş edýän San-Marino garşydaşy Lihtenşteýni 1:0 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş 20 ýyldan soňra resmi duşuşyklarda gazanylan ýeňiş hökmünde hasaba alyndy.

Latwiýaly emin Andris Treýmanisiň eminlik eden duşuşygynda ýeke-täk gol 53-nji minutda geçirildi. Bu goly Italiýanyň “Seriýa D” çempionatynda çykyş edýän Niko Sensoli öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, San-Marino 20 ýylda geçiren 140 duşuşygynda ilkinji ýeňşini gazandy. 2004-nji ýylda-da San-Marino ýene-de Lihtenşteýni ýeňipdi.

San-Marino Milletler ligasynda nobatdaky duşuşygyny Gibraltar bilen geçirer.

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder