SPORT

Sport ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary S.Ataýew Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetine baryp gördi.
Ylmy-barlag institutynyň direktory Alekseý Zwerew ýokary okuw mekdebine tanyşlyk saparyny gurady. S.Ataýew uniwersitetiň işleri we gurluş düzümi bilen tanyşdy. Oňa bilim we laboratoriýa toplumynyň otaglary, uniwersitetiň muzeýi, institutyň häzirki zaman enjamlary görkezildi. Esasanam, fijital merkeziň işi aýratyn gyzyklanma döretdi.
2023-nji ýylda Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersiteti bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemelidiris. Gol çekilen resminamanyň çäginde Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdebiniň rektory we wekilleri gürrüňi edilýän uniwersitet tarapyndan geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar.

Related posts

Obameýang “Barselona” bilen şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Şri-Lankany 2:1 hasabynda utdy

Ata Watan Eserleri

Žoržinýo iň gowy futbolçy, Tuhel iň gowy tälimçi