SPORT

Dünýä çempionatynyň çempiony 42 million dollar baýrak alar

Ýene-de sanlyja günden Katarda futbol boýunça dünýä çempionatyna badalga berler. Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) tarapyndan gurnalýan dünýä çempionatynda guramanyň gazanýan girdejisi belli boldy. Şol bir wagtda dünýä çempionatyna gatnaşýan milli ýygyndylara hem berilýän pul möçberleri kesgitlendi.

FIFA dünýä çempionatynyň guramaçylygyndan 4 milliard 666 million dollar girdeji gazanmagy meýilleşdirýär. Bu girdejiniň agramly bölegini teleýaýlymlarda futbol duşuşyklarynyň alnyp berilmegi bilen baglanyşykly geljek girdeji eýeleýär. Bu ugurdaky girdeji 2 milliard 460 million dollara barabardyr.

FIFA guramasy çempionatyň guramaçylygy üçin 843 million dollar bölüp berýär. Şeýle hem FIFA dünýä çempionatyna gatnaşjak 32 milli ýygynda Katara gelýändigi üçin 1 million 500 müň dollar berýär.

FIFA-nyň paýlajak baýragy 440 million dollara deňdir. 2022-nji ýylda dünýä çempionatynda çempion boljak milli ýygynda 42 million dollar pul baýragy berler.

Final duşuşygynda ýeňlip, ikinji bolan milli ýygynda 30 million dollar, üçünji bolan ýygynda 27 million dollar, dördünji bolan ýygynda bolsa, 25 million dollar berler.

FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantinonyň belläp geçişi ýaly, dünýä çempionatyny 5 milliarddan köp tomaşaçy tomaşa eder. Şeýlelikde, bu rekord bolar. Dünýä çempionatynyň 64 duşuşygy üçin 23 million bilet teklip alyndy.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy