SPORT

Klopp “Roma” toparyna tälimçi bolar

Germaniýaly tejribeli hünärmen Italiýanyň “Roma” toparynyň baş tälimçisi bolar. “La Stampa” neşiriniň habayrna görä, Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň ozalky baş tälimçisi Ýurgen Kloppyň “Roma” topary bilen işleşmäge taýýardygyny mälim edendigi bellenildi.

Kladudio Ranýeriniň tälimçiligindäki “Roma” topary çempionatda 6-njy orunda barýar. Möwsümiň tamamlanmagy bilen Ranýeri bu wezipesini tabşyrar.

Klopp soňky gezek “Liwerpul” toparyna tälim berip, 2024-nji ýylda tälimçiligi goýupdy. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bolsa, “Red Bull” kompaniýasynyň global ýolbaşçysy wezipesini amala aşyrýardy.

“Roma” topary hem geljek möwsümde düzümini güýçlendirip, täze 6 futbolçy bilen şertnama baglaşmagy meýilleşdirýär.

Related posts

Dünýä çempionatynda şu gün Maksat Meredow ýaryşar

Türkmen türgenleri 9 aýda 473 medal gazandy

Nadal 14-nji gezek “Rolan Garros”-yň ýeňijisi boldy