SPORT

Futbol boýunça dünýä çempionaty tomaşaçy sany boýunça rekord goýdy

Häzirki wagtda dünýä çempionatynyň oýunlaryna  3 605 357 janköýer gatnaşdy.

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty tomaşaçy sany boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky täze rekorda eýe boldy. Bu barada Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi.

Toparçadaky Germaniýa – Ekwador duşuşygy (1:2) geçirilýän wagta çenli dünýä çempionatynyň oýunlaryna 3 605 357 tomaşaçy gatnaşdy. Öňki rekord 1994-nji ýylda ABŞ-da geçirilen dünýä çempionatynda goýlupdy. Şonda duşuşyklara 3 587 538 janköýer barypdy.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Bu ýaryşa ilkinji gezek 48 milli ýygyndy gatnaşýar.

Çempionat 19-njy iýulda tamamlanar. Pleý-off tapgyryna her toparyň ilkinji iki ornuny eýelän ýygyndylar, şeýle hem üçünji orny eýelän toparlaryň arasynda iň gowy netije görkezen sekiz milli ýygyndy çykýar.

Related posts

Türkmen agyr atletikaçylary V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda 13 medal eýelediler

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny kim gazanar?

Ata Watan Eserleri

Gyşky Olimpiýa oýunlary barada…

Ata Watan Eserleri