SPORT

Dünýä çempionatynda urlan gollar boýunça täze rekord goýuldy

Häzirki wagta çenli dünýä çempionatynda 177 gol geçirildi.

ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçirilýän futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda bir ýaryşda urlan gollaryň sany boýunça täze rekord goýuldy.

Şu wagta çenli ýaryşda 177 gol geçirildi. Öňki rekord 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda goýlupdy, şonda jemi 172 gol geçirilipdi.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Bu ýaryşa ilkinji gezek 48 milli ýygyndy gatnaşýar.

Çempionat 19-njy iýulda tamamlanar. Pleý-off tapgyryna her toparyň ilkinji iki ornuny eýelän ýygyndylary, şeýle hem üçünji orny eýelän toparlaryň arasyndan iň gowy netije görkezen sekiz milli ýygyndy çykýar.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi