Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Ýuto Nagatomo Aziýadan dünýä çempionatlarynyň bäşisine gatnaşan ilkinji futbolçy boldy. Ol 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçadaky üçünji tapgyrynda Şwesiýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen oýunda meýdança çykdy.
Futbolçy 75-nji minutda, hasap 1:1 bolan wagtynda ätiýaçlykdan oýna goşuldy.
Dünýä çempionatlarynyň bäşisine gatnaşan futbolçylaryň hatarynda meksikalylar Antonio Karbahal, Andres Guardado we Rafael Markes, germaniýalylar Lotar Matteus we Manuel Noýer, şeýle hem horwatiýaly Luka Modriç bar.
Alty dünýä çempionatyna bolsa portugaliýaly Kristianu Ronaldo we argentinaly Lionel Messi gatnaşdy.
Nagatomo 39 ýaşynda. Ol 2011-nji ýylda Ýaponiýanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde Aziýa kubogyny gazandy. Milli ýygyndy üçin geçiren oýunlarynyň sany boýunça (146) ol ikinji orny eýeleýär. Bu görkeziji boýunça diňe futbol karýerasyny tamamlan Ýasuhito Endodan (152 oýun) yza galýar.
