SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Almaty uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär

Gazagystanda Almaty şäherinde Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň arasynda duşuşyk geçirilip, onda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar raýat awiasiýays ulgamynda Aşgabat-Almaty uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmak babatda pikir alyşdylar. Türkmen tarapy şu ýylyň dowamynda bu gatnawlary täzeden ýola goýmagyň üstünde işlejekdigini mälim edip, munuň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürjekdigini bellediler.

Awtomobil ulgamynda bolsa, Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk ediler. Şeýlelikde, Gazagystanyň Mangustau oblastynyň ýol gurluşykçylary şu aýyň dowamynda Žanaozenden Türkmenistanyň serhedine çenli bolan awtomobil ýolunyň abatlaýyş işine girişer.

Şeýle hem taraplar awtomobil ulaglary we halkara gatnamalarda sanly ulgamyndan peýdalanmak babatda ylalaşdylar.

Taraplar ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Related posts

Noýabr-2023: ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

Koronawirus bir aýa çenli «ýaşaýar»

Ata Watan Eserleri