MEDENIÝET

Aşgabatda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Fransiýadan, Eýrandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan kompozitorlar, dirižýorlar, opera aýdymçylarydyr sazandalar bu çärä gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.

2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygaryna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu halkara festiwal hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolan medeni diplomatiýany ilerletmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işler bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir.

Tomaşaçylar Özbegistanyň, Hytaýyň, Ermenistanyň artistleriniň ýerine ýetiren “Nowruz alawlary”, “Unabi», «Marali», «Şuşiki” saz eserlerini, “Saňa garaşaryn” ýaly aýdymlary uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. “Aleko” operasyndan “Zemfiranyň ariýasy” atly ariýa, şeýle hem kompozitor Nury Halmämmedowyň sazyna döredilen “Haýrana galar” atly aýdym konsertiň özboluşly bezegine öwrüldi. Aýdymçylaryň ýokary ussatlyk derejesinde ýerine ýetiren çykyşlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Özbek artistleriniň “Maýsaranyň hokgalary” operasyndan ýerine ýetiren “Çubonaliniň aýdymy”, azerbaýjan artistleriniň “Arşin mal alan” operettasyndan “Gülçohranyň aýdymy” hem täsirli boldy.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy