SPORT

13 ýaşynda Olimpiýa çempiony boldy

Şu ýylky Olimpiýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna ilkinji gezek skeýtbording sport görnüşi hem goşuldy. Sportuň bu ugrunyň “strit” ýaryşynda ýaponiýaly Momidzi Nisiýa 13 ýaşynda Olimpiýa çempiony boldy.

Ol ýaryşda 15,26 utuk bilen altyn medalyň eýesi boldy. Ikinji orny ýene-de 13 ýaşly braziliýaly Raýssa Lil, üçünji orny bolsa 16 ýaşly ýaponiýaly Funa Nakaýama gazandy.

Nisiýa Ýaponiýanyň milli ýygyndysyna Tokio Olimpiýa oýunlaryndaky 6-njy altyn medalnyny gazandyrdy. Ol baýrak basgançagynyň çür depesine 13 ýaş 330 günde galdy. Şeýlelikde, ol Olimpiýa oýunlarynda çempion bolan iň ýaş 3-nji türgen boldy.

Bu ugurda rekord amerikaly Mardjori Gestringe degişlidir. Ol 1936-njy ýylda Berlinde geçirilen suwa bökmek ýaryşynda çempion bolupdy.

Häzirki wagtda ýer eýeleri Ýaponiýanyň milli ýygyndysy medallaryň sanawynda ikinji orunda durýar. Öňdeligi Hytaý eýeleýär, ABŞ-nyň türgenleri hem altyn medallarynyň sanyny köpeldip barýar.

Skeýtbording Olimpiýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna ilkinji gezek goşuldy. Onuň sport maksatnamasyna goşulmagy baradaky çözgüt 2016-njy ýylyň 3-nji awgustynda Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan alnypdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, skeýtbording gury boýunça ilkinji medaly ýene-de ýapon türgeni gazanypdy. Ýuto Horigome bu ugurda ilkinji altyn medalyň eýesidir.

 

Maks-2021: köp sanly ylalaşyklar baglaşyldy

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar