TEHNOLOGIÝA

Maks-2021: köp sanly ylalaşyklar baglaşyldy

Russiýada 20-25-nji iýul aralygynda geçirilen Halkara awiasiýa-kosmos sergisinde (MAKS-2021) 265 milliard rubl möçberinde şertnamalar baglaşyldy. Bu barada bu çäräni gurnaýjylar habar berdi.

Bu halkara sergä 56 ýurtdan 831 kompaniýa gatnaşdy. Serginiň çäklerinde 100-den gowrak işewürlik duşuşyklaryny göz öňünde tutýan maksatnama düzüldi. 350-den gowrak çykyşlar amala aşyryldy.

15-nji gezek geçirilen Halkara awiasiýa-kosmos sergisi (MAKS-2021) 2019-njy ýylda geçirilen sergiden gol çekilen ylalaşyklarynyň hem-de işewürlik duşuşyklarynyň möçberi boýunça öňdeligi eýeledi.

Häzirki wagtdaky koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly çylşyyrymly ýagdaýda onlaýn tertibinde gatnaşyjylaryň snay hem artdy.

Sergide köp sanly uçarlar, dikuçarlar hem-de awiasiýa ulgamyna degişli häzirki zaman enjamlar görkezildi.

 

Britaniýaly türgen 2-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar