TEHNOLOGIÝA

Kitapmy ýa-da telefon

Tehnologiýa bazarynda öndürýän telewizorlary bilen adygan “Hisense” kompaniýasy dünýäniň ilkinji ak-gara ekranly 5G ulgamly telefonuny hödürledi. Onda “e-ink” (elektron syýa) tehnologiýasy ulanyldy.

Öndürijileriň pikirine görä, “Hisense A7” diýlip atlandyrylýan bu telefon, ilki bilen tekstleri okamak üçin has amatly bolar. Telefonyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi, ýöne ozaldan hem bu telefonyň ýekeje kamerasy hem-de barmak yzy skaneri boljakdygy mälim edilipdi.

Telefona ornaşdyrylan “UNISOC 5G” işleýiş ulgamy bilen onuň energiýa tygşytlylygyny has-da ýokarlandyrýar.

Hisense A7 5G” telefonunyň aýratynlyklary:

Ekrany: 6,7 dýuým elektron syýa ekrany, 300 ppi

Prosessor: UNISOC Tiger T7510

RAM: 6 GB

Ýady: 128 GB

Batareýa: 4.770 mAh (18 watt çalt zarýad beriş goldawy)

Operasiýa ulgamy: Android 10

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar