TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” dünýädäki tehnologiýa bazarlarynda lider bolmaga dowam edýär

Hytaýyň iň uly akylly telefon öndürijilerinden biri bolan “Xiaomi” şereketi dünýä bazarlarynda ösmäge dowam edýär. Häzirki wagtda bu şereket dünýäde “Samsung” şereketinden soň 2-nji ýerde dur. Dünýäniň iň uly ikinji akylly telefon bazary bolan Hindistanda bolsa, “Xiaomi” şereketi 1-nji ýeri eýeleýär. Soňky çykan habarlara görä, Russiýadaky telefon bazarlarynda-da “Xiaomi” liderligi eýeledi.

MTS-iň analizine görä, bu ýylyň iýun aýynda “Xiaomi” şereketine degişli bazar paýy 31,2%,  “Samsung” şereketiniňki 29,8%, “Apple” şerektiniňki bolsa 14,5% boldy. Beýleki markalardan “Realme” 4,6% bilen 4-nji, “Poco” 3,8% bilen 5-nji ýeri eýeledi.

“M.Video – Eldorado Group” atly Russiýanyň iň uly tehnologiýa dükanynyň agzasy bu barada rus metbugatyna beren reportažynda şeýle diýdi:

– Iýun aýynda “Xiaomi” şereketi Russiýadaky tehnologiýa bazarynda liderligi ele aldy. Şol bir wagtda “Samsung”, “Apple”, “Honor” ýaly markalar hem iň köp isleg bildirilýän şereketler bolup durýarlar.

 

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Mbappeniň göwni «Realda»

 

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi