TEHNOLOGIÝA

“Meta” özüniň superkompýuterini işläp düzýär

“Facebook” jemgyýetçilik torunyň eýesi “Meta” kompaniýasy özüniň emeli aňly superkompýuterini işläp düzýändigini yglan etdi.

Torlaryň öwrenilmegine peýdalanyljak bu ýöriteleşdirilen kompýuter öz ugrunda iň güýçli bolar.

– “Meta” dünýäniň iň öndürijilikli emeli aňly superkompýuterini işläp düzdi – diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg belläp geçdi. Ol bu enjama “AI Research SuperCluster” diýlip at berlendigini we onuň gurluşynyň şu ýylyň dowamynda tamamlanjakdygyny belledi.

Bu kompýuter “Meta” kompaniýasynyň ähli hyzmatlarynyň işini gowulandyrmakda peýdalanylar. Superkompýuter onlaýn duşuşyklar, oýunlar we uzakdan işlemek üçin sanly dünýäniň mümkinçiliklerinden has ýerlikli peýdalanmaga giň mümkinçilik döreder.

Ol kompaniýa emeli aň ulgamynda ylmy-barlaglaryň geçirilmegine ýardam berip, ýüzlerçe dilde işläp bilýän, tekstleri, suratlary we wideo ýazgylary seljerip bilýän aýratynlyklary bilen tapawutlanar.

 

 

Ýykylman garda nädip ýöremeli? Buzda ýöremegiň 10 sany düzgüni

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar