Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Türkmenistan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde «Dostluk» nebit tankeri sowgat hökmünde tabşyrmak dabarasy geçirildi.
Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Azerbaýjan tarapyndan Türkmenistana sowgat edilen «Dostluk» nebit tankeri Baku gämi gurluşyk zawodynda guruldy.

Tankeriň umumy uzynlygy 141 metr, ini 16,9 metr, suwa çümüşligi bolsa 4,54 metrdir. Ýük göterijiligi 7875 tonna bolan bu tankeriň Azerbaýjanda gurulmagy diňe bir gämi gurluşyk pudagynyň ösüşini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hem berkemegine goşant goşýar.
Şeýle hem bu waka Baku gämi gurluşyk zawodynda iri möçberli we tehnologik taýdan çylşyrymly gämi gurluşyk taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmagyň mümkindigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.
Şu güne çenli zawod 14 gämi gurluşyk taslamasyny we 170-den gowrak gämi abatlaýyş taslamasyny üstünlikli ýerine ýetirdi. Häzirki wagtda zawodyň sargyt toplumynda 17 gäminiň 11-si gurluşyk tapgyrynda, 6-sy bolsa taslama taýýarlamak tapgyryndadyr.
