JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Baku şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üçin resmi garşylamak dabarasy geçirildi

22-nji iýunda Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi taýdan dabaraly garşylandy.

“AZERTAJ” agentliginiň habar bermegine görä, iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Hormat garawuly düzüldi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy garşylady.

Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet senalary ýaňlandy.

Soňra hormat garawulynyňy esgerleri Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňünden dabaraly geçdi.

Azerbaýjan wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen wekiliýetiniň agzalary bolsa Prezident Ilham Aliýewe tanyşdyryldy.

Döwlet Baştutanlary resmi ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Related posts

Bakanlar Kurulu toplandı: TAPİ projesinde yeni adım

vepa

Maý aýy iň yssy aý

Ata Watan Eserleri

Jebel şäherçesinde halkara howa menziliniň düýbi tutular

Ata Watan Eserleri