JEMGYÝET

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Milan, Kuala-Lumpur, Jidde we Hoşimin şäherlerine gatnawlar başlar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Milan (Italiýa), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Jidde (Saud Arabystany) we Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine uçar gatnawlaryny ýola goýar. Muny turkmenistanairlines.tm web sahypasyndaky täzelenen maglumatlar görkezýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtyndan Jidda (4322.5 TMT) we Hoşimin (6002.5 TMT) uçuşlaryna petekleriň onlaýn satuwy başlandy.

Täze ugurlar boýunça ilkinji uçuşlar 2024-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda meýilleşdirilýär.

5-nji ýanwardan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat — Abu Dabi — Aşgabat şäherine yzygiderli göni gatnawlara başlanandygyny bellemek bolar.

Şeýlelikde, “Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylda uçar gatnawlarynyň täze ugurlaryny açmak bilen özara gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrýar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Tomaşa merkezlerinde şu hepde

vepa

Türkmenistan ile Mısır çeşitli alanlarda işbirliğini arttıracak

vepa