Sankt-Peterburgda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de kreatiw we döredijilik senagatlaryny ösdürmek boýunça halkara maslahaty geçirildi.
Çärä Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Belarusyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gyrgyzystanyň Kabinet ministrleriniň Başlygy Adylbek Kasymaliýew, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew gatnaşdy.
«Medeniýetleriň özara täsiri: häzirki zaman dünýäsinde mirasy gorap saklamak we ählumumy dialog» atly plenar mejlisiň dowamynda üýtgeýän halkara ýagdaýlaryň şertlerinde umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga, döwletara dialogy ösdürmäge we kooperasiýanyň döwrebap gurallaryny kemala getirmäge aýratyn üns bermek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşylýar.

Türkmen tarapy hem öz çykyşynda şu ugurlara ünsi çekdi:
– Türkmenistan baý medeni mirasy gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça hem GDA-nyň çäklerinde, hem-de has giň gerimde, hususan-da, ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň däp-dessurlarymyzdan üzňeleşmäge däl-de, eýsem, olaryň pugtalandyrylmagyna we wagyz edilmegine hyzmat etmegi biziň üçin möhümdir. Hut şonuň üçin hem Türkmenistan sanly gurallara milli däp-dessurlary şöhratlandyrmak, ösüp gelýän nesliň milli mirasa bolan gyzyklanmasyny artdyrmak hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky medeni özara täsiri giňeltmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýar.
Türkmenistan üçin Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk halkara ynsanperwer özara täsiriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Biziň ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyna we özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, medeniýetde halklary birleşdirýän, ynam, özara düşünişmek we hormat goýmak ýagdaýyny pugtalandyrýan şol «altyn köpri» görýär.
Şeýle hem şu ýyl Aşgabatda GDA-na agza döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäräniň çäklerinde medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, taryhy-medeni mirasy gorap saklamagyň, döredijilik alyş-çalşygyny ösdürmegiň we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
