SPORT

Lionel Messiniň dünýä çempionatyndaky täze rekordy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi we kapitany Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalardaky 1-nji tapgyrynda Alžiriň ýygyndysyna garşy geçirilen oýunda 3 gol geçirip, dünýä çempionatlarynyň iň köp gol geçiren futbolçylarynyň sanawynda birinji orna çykdy. Duşuşyk ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Kanzas-Siti şäherinde geçirildi.

Argentinanyň ýygyndysy “J” toparçasyndaky ilkinji duşuşygynda Alžiri 3:0 hasabynda ýeňdi. Alžiriň düzümindäki derwezeçi dünýä belli fransuz futbolçy Zinedin Zidanyň ogludyr.

Messi duşuşygyň 17-nji, 60-njy we 76-njy minutlarynda tapawutlandy. Şeýlelikde, onuň ähli dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sany 16-a ýetdi.

Şeýle hem Messi dünýä çempionatlarynda 6 gezek çykyş eden ilkinji futbolçy boldy.

Häzirki wagtda Messi bilen birlikde dünýä çempionatlarynyň iň köp gol geçiren futbolçylarynyň sanawynda nemes futbolçysy Miroslaw Kloze hem 16 gol bilen birinji orny paýlaşýar.

Şeýlelikde, Messi öz futbol karýerasynda 1157 duşuşykda 912-nji, 913-nji we 914-nji gollaryny geçirdi. Onuň gollarynyň 672-si “Barselonanyň”, 120-si Argentinanyň milli ýygyndysynyň, 89-y “Inter Maýaminiň”, 32-si bolsa “Pari Sen-Žermeniň” düzüminde geçirildi. Mundan başga-da, Lionel Messi 414 netijeli pas berdi.

“Al-Nasr” klubunda çykyş edýän Kristiano Ronaldo bolsa öz karýerasynda klublar we Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin geçiren 1323 duşuşygynda 973 gol geçirdi.

Ýene-de okaň

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi

Dünýä çempionaty: Germaniýa Kýurasaony 7:1 hasabynda utdy