JEMGYÝET

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni we Azerbaýjan Medeniýet günleri bellenildi

Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni hem-de Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjan Medeniýet günleri mynasybetli Aşgabat şäherinde resmi kabul edişlik geçirildi. Iki döwletiň Döwlet senalary ýaňlanandan soň, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow çykyş edip, 108 ýyl ozal Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň döredilmeginiň taryhy ähmiýeti barada gürrüň berdi. Ilçi Gündogarda ilkinji demokratik respublika hökmünde döredilen Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň bary-ýogy 23 aý dowam eden hem bolsa, halkymyzyň garaşsyzlyk arzuwyny we döwletlilik erkini bütin dünýä äşgär edendigini belledi.

Ilçi Azerbaýjan halkynyň 1991-nji ýylda döwlet garaşsyzlygyny gaýtadan dikeldenden soň, Umummilli Lider Heýdar Aliýewiň ýolbaşçylygynda durnuklylyk we ösüş ýoluna gadam basandygyny aýtdy. Ýurtda hukuk esaslaryna daýanýan döwlet gurluşygy amala aşyryldy, demokratik institutlar pugtalandyryldy we erkin ykdysady ulgam kemala getirildi. Prezident Ilham Aliýewiň ýolbaşçylygynda Azerbaýjanyň durnukly ösüş ýoluny dowam etdirýändigini hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kuwwatly döwlete öwrülendigini nygtady. Şeýle hem Gismat Gozalow44 günlük Watançylyk urşunyň netijesinde Azerbaýjanyň halkara derejesinde ykrar edilen serhetleriniň çäklerinde öz territorial bitewiligini we özygtyýarlylygyny doly dikeldendigini belledi.

Şeýle-de çykyşda Azerbaýjanyň sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan energetika, ulag we logistika başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygy aýdyldy. Baku–Tbilisi–Jeýhan, Baku–Supsa nebit geçirijileri, Baku–Tbilisi–Erzurum gaz geçirijisi, Günorta Gaz Geçelgesi, şol sanda TANAP we TAP ýaly strategik taslamalar, şeýle hem Baku–Tbilisi–Kars demir ýol taslamasy, Transhazar, Gündogar–Günbatar hem-de Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgeleriniň ýurdumyzy dünýä hyzmatdaşlygynyň möhüm merkezine öwürendigi nygtaldy.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklara degip geçen ilçi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň umumy taryha, dile, etniki we medeni ýakynlyga, şeýle hem umumy köklere esaslanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanlarynyň syýasy erkiniň netijesinde Azerbaýjan–Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy.

Şeýle hem ilçi iki ýurduň parlamentara gatnaşyklarynyň we Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli dialogyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny nygtady. Gatnaşyklarymyzyň ösdürilmeginde Bilelikdäki Hökümetara toparyň işiniň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Toparyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýtdy.

Ýokary derejeli özara saparlaryň ähmiýetine degip geçen G. Gözelow, 2025-nji ýylda Prezident Ilham Aliýewiň Türkmenistana amala aşyran saparynyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana eden saparlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny nygtady. Şeýle hem 2026-njy ýylda ýurtlaryň arasynda ýokary we iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada durup geçen ilçi 2025-nji ýylda Baku we Ganja şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini, häzirki wagtda bolsa Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjan Medeniýet günleriniň guralýandygyny belledi.

Ilçi Gismat GozalowTürkmenistanyň wekiliýetiniň Azerbaýjanda geçirilýän däp bolan çärelere, şol sanda Şuşa şäherinde geçirilýän “Haribülbül” festiwalyna gatnaşýandygyny, şeýle hem Azerbaýjan sungat işgärleriniň Türkmenistanda, hususan-da TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde guralýan maksatnamalarda işjeň gatnaşýandyklaryny aýtdy.

Çykyşynda Azerbaýjan medeniýetiniň, beýik kompozitor Üzeýir Hajybeýliniň mirasynyň Türkmenistanda giňden tanadylmagyna aýratyn üns beren ilçi, “Arşyn mal alan” we “Är we aýal” operettalarynyň Aşgabatda türkmen dilinde yzygiderli sahnalaşdyrylmagynyň iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgalarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Gismat Gozalow Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit toplumynyň gurulmagyny iki halkyň arasyndaky doganlyk we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany hökmünde häsiýetlendirdi.

Ilçi Azerbaýjanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna uly hormat goýýandygyny belläp, bu derejäniň ýurduň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň netijesinde daşary syýasatda uly üstünlikleri gazanandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Şeýle hem Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etdirýändigini belledi.

Çärä hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Bilelikdäki Hökümetara toparyň türkmen tarapyndan başlygy Nökerguly Atagulyýew çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tüýs ýürekden gutlaglaryny Azerbaýjan tarapyna ýetirdi hem-de dostlukly halka abadançylyk, ösüş we üstünlik arzuw etdi.

Ol döwlet Baştutanlarynyň arasynda ýola goýlan ýokary derejeli dialogyň Azerbaýjan–Türkmenistan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine güýçli itergi berýändigini belledi. Halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň çuň taryhy köklere daýanýandygyny nygtap, syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňelýändigini aýtdy. Şeýle hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň arasynda ynamyň we özara hormatyň pugtalanmagyna, bilelikdäki taslamalaryň hem-de başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hyzmat edýändigini aýratyn belledi.

Çärä Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, iki ýurduň medeniýet we jemgyýetçilik wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan azerbaýjanlylar gatnaşdylar.

Resmi kabul edişlik medeni maksatnama bilen dowam etdi. Azerbaýjanyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde halk hem-de kompozitor aýdymlary ýaňlandy. Şeýle hem myhmanlara Azerbaýjan halkynyň baý medeni mirasyny we folklor däplerini şöhlelendirýän milli tans çykyşlary hödürlenildi.

Çäräniň dowamynda ekranyň üsti bilen Azerbaýjanyň taryhyna, baý medeniýetine we häzirki zaman ösüşlerine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Myhmanlara milli aşhananyň dürli tagamlary, süýjülikler hem-de milli içgiler hödür edildi.

Şeýle-de çärä gatnaşyjylar türkmen-azerbaýjan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşini şöhlelendirýän fotosergi bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, ýörite sergi bölüminde “Made in Azerbaijan” haryt nyşany bilen öndürilen önümler, şol sanda “Azərçay” önümleri hem-de milli kelağaýy sungatynyň nusgalary görkezildi.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Iýul aýynda Aşgabatda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler

Aşgabatda “Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni” atly sergi geçirildi

Gazagystanda syýasy özgertmeler: Halk geňeşi we bir palataly parlament döredildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Merkezi Aziýada saparda bolar

Türkmenistanda täze kazylar wezipä bellendi