JEMGYÝET

Iýul aýynda Aşgabatda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni hem-de Türkmenistanda geçirilýän Azerbaýjan Medeniýet günleri mynasybetli Aşgabat şäherinde resmi kabul edişlik geçirildi.

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowyň ýolbaşçylygynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, daşary ýurtly ilçiler, “Ata Watan Media” topary, şeýle hem beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Dabaranyň esasy myhmanlarynyň biri hem Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimli boldy.

Dabarada edilen çykyşlarda, hususan-da Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna aýratyn orun berdiler.

Şol çykyşlarda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bilelikdäki hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna uly orun degişlidigi bellenildi.

Bu toparyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 7-8-nji iýulynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu toparyň mejlisine işjeň taýýarlyk görülýändigini mälim edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady