JEMGYÝET

Türkiýede “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly surat sergisi geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasynda (TÜRKSOÝ) “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly surat sergisi geçirildi.

TÜRKSOÝ edarasynyň resmi saýtynda berlişi ýaly, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň TÜRKSOY guramasy bilen bilelikde geçiren sergisine TÜRKSOÝ edarasynyň baş sekretary prof. Düsen Kaseinow, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maslahatçysy Ýalçyn Topçu, “Iyi” partiýasynyň Samsun welaýaty boýunça deputaty Bedri Ýaşar, Adalat we ösüş partiýasynyň Erzurum welaýaty boýunça deputaty Ibrahim Aýdemir we başga-da köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Çäräniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Düsen Kaseinow Türkmenistanyň öz milli gymmatlyklaryna ygrarly bir döwletdigini we ilkinji günlerinden dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin tagalla edýändigini aýtdy.

– 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyndaky 185 ýurt tarapyndan” Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy “karary biragyzdan kabul edildi we Türkmenistan bu hukuk derejesıne ygrarlyp bolmak bilen dünýäniň ähli ýurtlary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli türk dünýäsinden 300 suratkeşiň gatnaşmagynda TÜRKSOY Suratkeşler ýygnanyşygynyň 1500 eser ýygyndysyndan düzülen sergi we Türkmenistanyň taryhy, medeni we tebigy gözelliklerini açyp görkezýän surat sergisini taýýarladylar – diýip, Kaseinow belledi.

 

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi İ. Amanlyýew 2020-nji ýylyň Türkmenistanda “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilendigini we köp sanly milli we halkara çäreleriň guralandygyny aýtdy.

Şeýle hem dabarada çykyş eden Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 ýurduň birazgyndan goldamagynda Türkmenistana berlen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklaryň “iki doganlyk ýurt-iki döwlet” ýörelgesi esasynda pugtalanýandygyny belledi.

Sergide Türkmenistanyň medeni we tebigy ajaýyplyklaryny açyp görkezýän suratlar köpçülige hödürlendi.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri