Aşgabatda geçirilýän «Turkmentextile Expo – 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan öňdebaryjy dizaýnerleri bir ýere jemlän halkara moda görkezilişi guraldy. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.
Bu çäre Gündogar däpleriniň we Günbatar ýörelgeleriniň sazlaşyklygy utgaşygyny görkezdi. Moda görkeziliş çäresinde türkmen hem-de daşary ýurtly dizaýnerler özleriniň döwrebap lybaslaryny hödürledi.

Gözden geçirilşe daşary ýurtlardan dizaýnerleriň gatnaşmagy ony aýratyn ähmiýetli çärä öwürdi. Moda görkezilişi “Miras” modeller öýüniň lybaslarynyň görkezilmegi bilen başlandy. Bu ýerde çagajyklaryň dürli döwrebap lybaslarda peýda bolmagy tomaşaçylarda uly tolgunma döretdi.

Şeýle hem çäräniň dowamynda Fransiýadan Romuald Bertrand, Özbegistandan Dilowar Mirzaýew hem-de Madinobanu Ergaşowa, Fransiýadan Maison Klaude Patrik, Russiýadan Olga Kadeikina bilen bir hatarda Omandan “Ýoland” we Marokkodan “Haute Couture” modeller öýleriniň lybaslary görkezildi.

Daşary ýurt dizaýnerleriň Aşgabat üçin taýýarlan lybaslar toplumy halkara sergi-ýarmarkasynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

