JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen- türk toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi. 

Duşuşyk barada çykyş eden JewdetÝylmaz, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary bilen bir hatarda, iki ýurduň umumy geljegini kemala getirjek hyzmatdaşlyk ugurlarynyň hem giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Hyzmatdaşlyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Jewdet Ýylmazyň bellemegine görä, duşuşykda energetika, ulag, söwda, bilim, ylym-tehnologiýa hem-de medeni gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara bähbitlere esaslanýan hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmak boýunça berk syýasy erk-islegiň bardygy bellenildi.

“Strategik garaýyş bilen ösdürilmegi örän möhümdir»

Dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, Türkiýe-Türkmenistan gatnaşyklaryny strategik garaýyş esasynda ösdürmegiň uly ähmiýete eýedigini bellän Ýylmaz, umumy taryha we gymmatlyklara daýanýan gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda degişli işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Ol öz çykyşynda özara ynam we hyzmatdaşlyk esasynda sebit durnuklylygyny goldamagy hem-de umumy ösüş maksatlaryna bilelikde ýetmegi dowam etdirjekdiklerini aýtdy.

Wise-prezident Ýylmaz myhmansöýerligi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa öz hoşallygyny bildirdi.

Ýene-de okaň

Turkmentextile Expo-2026: dünýä derejesindäki moda sergisi guraldy

Türkiýäniň wise-prezidenti «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergisine baryp gördi

Türkmenistan bilen Türkiýe 71 maddalyk hereketleriň meýilnamasyny kabul etdi

Aşgabatda «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Jewdet Ýylmaz: Türkmenistanyň strategik ähmiýeti gün-günden artýar

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi