Italiýanyň meşhur “Ferrari” kompaniýasy özüniň ilkinji doly elektrikli awtomobilini — dört gapyly “Ferrari Luce” superkaryny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.
Sport awtomobillerini öndürýän awtoulag öndüriji üçin bu taslama soňky ýyllaryň iň köp garaşylan taslamalarynyň biri boldy.
“Ferrari”-niň täze elektromobili sagatda 310 kilometre çenli tizlik almaga ukyplydyr, onuň bahasy bolsa 500 müň ýewrodan geçýär.
“Luce” ady italýan dilinden terjime edilende “ýagtylyk” diýmegi aňladýar. Bu model özüniň formaty we dizaýny boýunça Ferrari-niň adaty awtomobillerinden ep-esli tapawutlanýar.
“Ferrari Luce” modeliniň işlenip taýýarlanylmagyna “Apple” kompaniýasynyň öňki baş dizaýneri Joni Ýaiwyň “LoveFrom” studiýasy hem gatnaşdy.
“Ferrari Luce” awtomobiliniň müşderilere ilkinji gowşurylmaly senesi şu ýylyň oktýabry bolar.
