DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Won-Je bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda netijeli häsiýete eýe bolýandygy, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara hyzmatdaşlykda uly ösüşleriň gazanylandygy bellenildi. Şunda gaz, himiýa pudagynda, ulag infrastrukturasynda hem-de gämi gurluşygynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde koreý kompaniýalarynyň goşýan uly goşandy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm esas hökmünde «Merkezi Aziýa- Koreýa» formatynyň işine ýokary baha berdiler we şeýle görnüşdäki gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şunuň bilen birlikde, parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň, ýaş we zenan parlamentarileriň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy