DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Indoneziýadaky ılçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) M.Maşalow bilen bu ýurduň DIM-niň Protokol we konsullyk departamentiniň başlygy Endi Rahmianto bilen duşuşdy. Ilçi M.Maşalow ynanç hatlaryň nusgalary gowşurdy.

Indoneziýa tarapy Ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikler arzuw etdi we diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogy ösdürmekde ýokary derejedäki dialogyň ähmiýetini belläp, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň saparlaryny we duşuşyklaryny guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär