DÜNÝÄ

Zohran Mamdani Nýu-Ýork şäheriniň täze häkimi boldy

NÝU-ÝORK — 4-nji noýabrda geçirilen saýlawda 34 ýaşly Zohran Mamdani Nýu-Ýork şäheriniň täze häkimi hökmünde saýlandy. Ol şäher taryhynda ilkinji musulman hem-de Günorta Aziýa asylly häkim boldy.

Mamdani öňki ştat gubernatory Endrýu Kuomony we respublikaly Kýurtis Sliwany ýeňip, sesleriň takmynan 50 göterimini toplady.

Kampaniýasynyň dowamynda ol ýaşaýyş bahasynyň ýokarlanmagyna garşy çykyş etdi, jemgyýetçilik transportynyň mugt bolmagyny we işçi gatlagynyň goldanylmagyny maksat edinýändigini aýtdy.

Çeşmeler: CNN, AP News, The Guardian, People.

Related posts

«Frontier Works Organization» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-slowen hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça resmi beýannama

vepa