DÜNÝÄ

Niderlandlar kompaniýalary Türkmenistana jogap saparyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Niderlandlaryň kompaniýalaryna söwda we halkara işewürligi ösdürmekde kömek edýän “East-West Trade” abraýly halkara guramasynyň baş müdiri Mohammad Reza Maşadi bilen duşuşdy. Duşuşykda häzirki wagtda bu guramanyň geňeşçisi bolup işleýän, Gazagystandaky öňki niderlandlaryň ilçisi Piter wan Lewen hem bardy.
Duşuşykda Mohammad Reza Maşadi Amsterdama amala aşyran Türkmenistanyň oba hojalyk wekilýetiniň sapary we şu ýylyň iýun aýynda geçirilen forumyň üstünlikli bolandygyny belledi.
Ol häzirki wagtda türkmen bazaryny öwrenmäge gyzyklanma bildirýän Niderlandlaryň kompaniýalarynyň sanynyň artýandygyny aýtdy. Bu gyzyklanmanyň artmagy hususy pudak we Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylan sapara gönüden-göni jogap bolup durýar. Mohammad Rezanyň bellemegine görä, Niderlandlaryň kompaniýalarynyň iş ugurlary “ýaşyl “ýyladyşhanalar, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar we däneli ekinler ýaly ugurlary öz içine alar.
Niderlandlar kompaniýalarynyň jogap saparynyň maksatnamasy, Türkmenistanyň obasenagat pudagyna jogapkär hususy pudagyň wekilleri we döwlet edaralary bilen duşuşyklary guramagy, forum geçirmegi, dürli tanyşdyryş çärelerini guramagy, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplara tejribe sapaklaryny geçmegi we degişli ugurda desgalara baryp görmegi öz içine alýar.

Related posts

Milli Liderimiz “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy

Kaliforniýa uniwersitetinde “Men seniň ýanyňa geldim” aýdymy ýaňlandy

Ata Watan Eserleri