Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynyň Dawis şäherinde ýerleşýän “North Davis” başlangyç mekdebinde her ýyl geçirilýän “Multicultural Night” gijesine şol mekdepde bilim alýan türkmen okuwçysy Ýunus Orazgylyjow indi üçünji gezek gatnaşdy. Bu ýylky çäre 2026-njy ýylyň 21-nji maýynda geçirildi we oňa mekdebiň ýolbaşçylary, mugallymlar, ene-atalar hem-de okuwçylar gatnaşdy.

Şu ýyl Türkmenistan bilen birlikde Hytaý, Hindistan, Eýran, Owganystan we Ýaponiýa ýaly ýurtlardan gelip, şol mekdepde bilim alýan okuwçylar öz ýurtlaryny tanatmak üçin ýörite stendler taýýarladylar. Olar öz medeniýetleri, däp-dessurlary we ýurtlary barada deň-duşlaryna, mugallymlaryna hem-de ene-atalara maglumat berdiler.



Çärä gatnaşan myhmanlar we okuwçylar dürli ýurtlaryň milli tagamlaryndan dadyp görmek mümkinçiligine eýe boldular. Şolaryň arasynda türkmen palawy hem uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň diwarlygy uzakdan özüne çekýärdi. Türkmeniň buýsanjy bolan ýaşyl Baýdagymyz Türkmenistan barada maglumat berýän diwarlygyň ýerleşýän ýerini gapydan giren myhmanlara görnüp durdy. Türkmen diwarlygynda Ýunusyň doganlary Ysmaýyl we Ýusup çagalara hem-de myhmanlara Türkmenistan baradaky soraglaryna uly höwes bilen jogap berdiler.


Türkmen el işleriniň nusgalary we Türkmenistan barada tanyşdyryjy suratlar, esasan hem çagalaryň ünsüni özüne çekdi. Çagalar şol ýerde türkmen Baýdagynyň, ahalteke bedewiniň, türkmen alabaýynyň hem-de türkmen waharman gawunynyň ýörite taýýarlanan suratlaryny reňkläp bildiler. Olar reňklän suratlaryny özleri üçin ýadygärlik hökmünde alyp gitdiler.


“Makul Sözlük”, “Makul Dil Gollanmasy” we “Makul Ata Sözler” kitaplary bolsa, aýratyn hem ene-atalaryň ünsüni çekdi. Olar özlerini gyzyklandyrýan käbir sözleriň türkmençe garşylygyny sözlükden tapyp gördüler we sözlügiň göwrümi hem-de mazmuny barada oňyn pikirlerini beýan etdiler.

