BILIM

Aşgabatda «Lomonosow—2026» halkara forumyna badalga berildi

10-njy aprelde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralýan «Lomonosow—2026» atly XXXIII ýaşlar ylmy forumynyň dabaraly açylyşy boldy. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bu abraýly halkara forumyň ýurdumyzdaky esasy ylmy meýdançalarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, institutyň wekilleri hem bu dabara onlaýn arkaly işjeň gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda bellenilip geçilişi ýaly, bu çäre ýaş alymlaryň, magistrantlaryň we talyp ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekde hem-de halkara ylmy gatnaşyklary berkitmekde möhüm platforma bolup hyzmat edýär.

Häzirki zaman dünýäsinde sanly transformasiýanyň we dilleriň öwrenilmeginiň ähmiýeti forumyň gün tertibiniň esasyny düzýär. Maslahata gatnaşýan ýaş gözlegçiler diňe bir nazary bilimleri däl, eýsem emeli intellektiň, sanly bilimiň we innowasion tehnologiýalaryň dil öwretmekdäki orny baradaky täzeçil tekliplerini hem paýlaşarlar. Bu bolsa ýaşlarymyzyň dünýäniň ylmy we tehnologik ösüşleri bilen deň gadam urýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şu gün — 11-nji aprelde ylmy hyzmatdaşlygyň dabarasy üstünlikli dowam edýär. Onuň dowamynda ylmy pikir alyşmalara we täzeçil garaýyşlara aýratyn orun beriler. Çäräniň esasy maksady ýaş hünärmenleriň ylmy mümkinçiliklerini ösdürmek, olaryň döredijilikli pikirlenişini goldamak hem-de ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bolup durýar.

Maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda, ýaş hünärmenler birnäçe möhüm ugurlar boýunça özleriniň ylmy çykyşlaryny hödürleýärler. Hususan-da, “daşary ýurt dilleri we ülkäni öwreniş”, “terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti” hem-de “filologiýa” ýaly ugurlaryň çäklerinde häzirki döwrüň iň aktual meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar. Bu çykyşlarda gatnaşyjylar özleriniň täzeçil gözlegleri, ylmy täzelikleri hem-de tejribe esasynda taýýarlanan teklipleri bilen çykyş ederler.

Ylmy hyzmatdaşlygyň dabarasynyň dowam edýän günlerinde gatnaşyjylar özara pikir alyşmak, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de ylmy tejribelerini baýlaşdyrmak üçin giň mümkinçiliklere eýe bolýarlar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýaş hünärmenleriň ylmy ukyplaryny ösdürmekde, olaryň halkara derejesinde bäsleşige ukyply hünärmenler bolup ýetişmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Bu ylmy forumyň netijeleri geljekde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine we talyp ýaşlaryň halkara ylmy jemgyýetçiligine işjeň goşulyşmagyna badalga berer. Forumyň çäklerinde gazanylan tejribeler ýaşlarymyzy täze ylmy açyşlara ruhlandyryp, olaryň professional ösüşinde öçmejek yz galdyrar.

Ýene-de okaň

Abdulkasym Ferdöwsiniň şygryýet güni mynasybetli goşgy okamak bäsleşigi geçirildi

«Soňky jaň» dabaralary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglandy

Bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk Türkmenistanda geçirilen forumyň üns merkezinde boldy

Türkmenistan we Belarus lukmançylyk uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar