BILIM

Türkmenistanda pars dili boýunça Olimpiadany geçirmek teklip edildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi Türkmenistanyň Bilim ministrliginde duşuşyk geçirdi. Bu barada ilçihana habar berýär.

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýat boýunça geňeşçisi  Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçiren duşuşygynda iki ýurduň ylym – bilim we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňelmek babatynda pikir alşyldy.

Hususan-da Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde pars dilini okadylyşynyň ösdürilmegine, bilelikde medeni – edebi çäreleri gurnamaklyga aýratyn üns berildi.

Hünär kämilleşdiriş sapaklarynyň ýygy – ýygydan geçirilmeginiň zerurlygy hem duşuşykda bellenilip geçildi.

2026-njy ýylda Türkmenistanda pars dili boýunça Olimpiadanyň geçirmek hem teklip edildi.

Duşuşygyň ahyryndaTürkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerine Medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanylyp çap edilen Magtymguly Pyragynyň 2 jiltlik kitaby sowgat edildi.

Related posts

Aşgabatda II Halkara internet olimpiadasyna badalga berildi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

Türkiýä daşary ýurtly talyplaryň sanyny 500 müňe ýetirer

Ata Watan Eserleri