BILIM

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Ýaponiýanyň hökümeti daşary ýurtly talyplary “MEXT” atly talyp hakly maksatnama gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Hususan-da, talyp hakly maksatnamalar 4 ugry öz içine alýar:

  1. Talyp – ylmy barlagçy (aspirantura derejesi)
  2. Talyp (bakalawr derejesi)
  3. Tehnologiýa kolležiniň talyby – (orta hünär derejesi) – Hünärler:  (1) Mehanika, (2) Elektrik, elektronika, (3) Maglumat we kommunikasiýa ulgamy, (4) Materiallar (5) Binagärlik, (6) Gurluşyk, (7) Söwda gämileri, (8) Beýlekiler.
  4. Ýöriteleşdirilen okuw kolležleriniň talyby – Hünärler: (1) Senagat, (2) Arassaçylyk, (3) Bilim we durmuş üpjünçiligi, (4) Söwda, (5) Egin-eşik, şaý-sepler we öý hojalygy, (6) Medeniýet we bilim

Türkmenistanyň raýatlary Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýüz tutmalydyr. Ýüz tutmagyň ahyrky möhleti – 2024-nji ýylyň 7-nji iýuny.

Maksatnamalar barada giňişleýin maglumat üçin: https://www.tm.emb-japan.go.jp/itpr_ja/11_000001_00412.html

Related posts

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýylynda 16 müň 782 talyp okuwa kabul ediler

Gazagystan : Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleri 2022

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti : Talyp 2021

Ata Watan Eserleri