SPORT

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

“Inter” topary Italiýanyň kubogynyň finalynda “Lasio” toparyny 2:0 hasaby bilen ýeňip, kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Rim şäherinde geçirildi.

Oýnuň 14-nji minutynda “Lasionyň” oýunçysy Adam Maruşiç öz derwezesine pökgi girizdi (awtogol). 35-nji minutda bolsa Lautaro Martines hasaby 2:0-a ýetirdi.

“Inter” şu möwsümde eýýäm ýurduň çempiony bolmagy hem başardy. Klub öz taryhynda 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazanyp, bu görkeziji boýunça ikinji orna geçdi. Rekord bolsa 15 gezek bu kubogy eýelän “Ýuwentus” toparyna degişlidir.

Geçen ýyl Italiýanyň kubogyny “Bolonýa” topary gazanypdy.

Related posts

Mane “Bawariýa” bilen şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri

Çempionlar ligasynyň finaly: “PSŽ” bilen “Bawariýa” duşuşar

Ata Watan Eserleri

UEFA Çempionlar ligasy: “Çelsi” ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri