JEMGYÝET

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Daşoguz welaýaty boýunça şu ýyl 650 gektara Hytaýdan getirilen «Zolotaýa Selina — 1565», «Sinsziýan Szinhua — 98», «Sinluszao — 64», «Szinken — 1402», «Sinşi — 518», «Hinluzhong — 87», «Sinluszao — 78» gowaça sortlary ekilýär. Şonuň 450 gektary paýdarlar jemgyýetiniň çäginde ýerleşýär. Munuň üçin ýörite Hytaý kompaniýalarynda öndürilen döwrebap traktorlar we takyk ekiji tehnikalar satyn alyndy. Gowaçanyň hytaý sortlary hasyllylygy, ösüşiniň ýokarylygy, gurak howa şertlerine we dürli zyýan berijilere çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem adaty gowaçanyňka garanyňda hytaý gowaça sortlarynyň pagta süýümi ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar – diýip, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Rasul Sadullaýew “Türkmenistan” gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.

Sinszýan tehnologiýasy esasynda ekilmegi gurak howa şertlerinde gowaçadan ýokary hasyl almaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa öňdebaryjy agrotehniki çäreleriň bir bitewi toplumydyr.

Täze satyn alnan takyk ekiji tehnikalar gowaça çigidini takyk ekýär, şol bir wagtyň özünde-de, onuň üstüni polietilen örtük bilen örtýär hem-de damjalaýyn suwaryş ulgamynyň suw geçirijilerini çekýär.

Polietilen örtügiň astynda çyglylyk kadaly saklanýar, damjalaýyn usulda gowaça nahallary zerur mukdarda we kadaly usulda suwarylýar. Şeýle halatda suwuň artykmaç sarp edilmeginiň öňi alynýar.

Ekilen pagta tohumlarynyň hatarynyň üstüniň polietilen örtük bilen örtülmegi olaryň ösüşini çaltlandyrýar, olary howanyň ýaramaz täsirinden hem-de zyýankeşlerden goraýar. Şu ýyl Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde 7 müň 500 gektara golaý meýdana gowaça ekiler. Şonuň 2 müň gektaryna Özbegistan Respublikasyndan getirilen «Horezm — 127» gowaça sortuny ekmek meýilleşdirilip, degişli işleri geçirilýär. Bu gowaça sorty hem örän hasylly bolup, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde bitginli gögeriş berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar