JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň häkimi Germaniýada iş saparynda bolar

Arkadag şäheriniň häkimi Ş. Durdylyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 13-18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, türkmen wekiliýeti bu saparynyň barşynda Germaniýanyň ýoriteleşdirilen ulaglaryň, jemagat hojalyklary üçin niýetlenen degişli tehnikalaryň we enjamlaryň önümçilikleri bilen gyzyklanarlar. Germaniýada önümçilik desgalaryndaky önümleriň ykdysady we ekologik howpsuzlygy, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklarynyň halkara ülňülerine laýyklykda öndürilýän ulgamlary bilen tanşarlar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäher konsepsiýasynda gurlan Arkadag şäheriniň nobatdaky gurşulyk tapgyrlarynda ykdysady we ekologik howpsuzlygy halkara ülňülerine laýyk gelýän önümçilik desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Related posts

Saçyň düşmeginiň öňi alnar

Ata Watan Eserleri

Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

vepa

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bugdaý oragyna girişildi

Ata Watan Eserleri