Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Sabyrly boluň bu gün ol size artykmaç bolmaz. Işlerde gijikmeler bolup biler, hatda ýönekeý meseleleri çözmek üçin hem garaşyşyňyzdan köp wagt gerek bolar. Munuň sebäbini tapmak örän kyn bolar, emma her niçigem bolsa duýgularyňyzy dolandyrmaga synanyşyň. Eger-de asudalygy saklap bilseňiz öň başlan işleriňizi ahyryna çenli ýetirip täze gyzykly geljegi uly taslamalara geçip bilersiňiz.Bu gün köp Hamallar üçin daş-töwerekdäkiler bilen düşünişmek öňkülerden has kyn bolar. Günüň ikinji ýarymynda uly meýilnamalaryňyz bar bolsa, olaryň amala aşyrylmagyna howlukmaň. Biraz garaşyň tiz wagtdan ýagdaýyň üýtgändigini şertleriň has amatly bolandygyny we size kömek edýänleriň köpelendigini görersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Irden ýyldyzlar siziň tarapyňyzda durandygy aýdyň bolar, ýagdaýlar hem amatlylykda utgaşar. Öň kyn bolup görünýän zatlar indi ýönekeý we düşnükli bolar. Gerekli ähli maglumatlary wagtynda alarsyňyz. Şeýle hem uzak wagt bäri yza süýşüren işleriňize başlap bilersiňiz. Ähtimal ilkinji üstünlikleriňizi garaşyşyňyzdan hem tiz gazanarsyňyz.Günüň ikinji ýarymy hem erbet bolmaz. Ol döredijilik işleri şeýle hem hyýaly giňişligi we adaty däl garaýyşlary talap edýän meseleler üçin aýratyn amatly bolar. Käbir Sowurlar möhüm maksada ýetmek üçin ýerlikli töwekgelçilik ederler we muňa ökünmezler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Gün aňsat bolmaz emma ýüze çykýan ähli meseleleri çözmegiň ýoluny taparsyňyz. Hemme zat derrew isleýşiňiz ýaly bolmasa-da, siz oňyn keýpiňizi saklap bilersiňiz.Adaty däl çemeleşmäni talap edýän wezipeler peýda bolar. Täze zatlary tiz oýlap tapmaga, synag geçirmäge taýýar boluň. Bu size öňküsi ýaly ajaýyp çykmazlygy mümkin, emma sizden başga hiç kim muny has gowy ýerine ýetirip bilmez, şonuň üçin özüňizi aşa tankytlamaň. Adaty däl pikirlenmek ukybyňyz beýlekileriň boýun egip bilmedik ýerinde üstünlik gazanmagyňyza kömek eder.Emma maliýe meseleleriňizde seresap bolmak gerek, bu gün satyn alyşlar we şertnamalar üçin amatly gün däl. .
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün haýsydyr bir kynçylyklar ýüze çyksa, size kömek etmek üçin köne dostlaryňyz ýa-da gowy tanyşlaryňyz höwes bilen ýetişerler. Şeýle hem bu gün ilkinji gezek duşuşjak adamlaryňyz hem size hoşniýetli bilen başlangyçlaryňyzy goldarlar.Şeýle hem bu gün köp möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin örän amatlydyr. Hatda öň garşy pikirde bolan adamlar hem siziň dogrudygynňyzy kabul ederler. Siziň şahsy täsiriňiz we gerekli sözleri tapmak ukybyňyz diňe bir täze ýaranlary däl, eýsem öňki garşydaşlaryňyzy hem öz tarapyňyza çekmäge mümkinçilik berer.Günüň ikinji ýarymynda
Seretanlar üçin örän ýakymly duşuşyklar garaşýar. Täze tanyşlyklar we dostluklaryň hem-de romantiki gatnaşyklaryň başlanmagy mümkin.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Gün aňsat we aladasyz geçmegi gaty mümkin däl. Käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler emma olar sizi gorkuzmaz sebäbi siz mundan has kyn ýagdaýlary hem başdan geçirdiňiz.Eger möhüm bir zat meýilleşdiren bolsaňyz bu gün bagta bil baglaman öz güýjüňize ynanyň. Hatda ýönekeý ýaly görünýän işler hem garaşyşyňyzdan has köp güýç talap edip biler. Şeýle-de bolsa, edýän zähmetiňiziň hökman netijesini görersiňiz we gazanan üstünlikleriňiz bilen hakly ýagdaýda buýsanarsyňyz.Käbir Esetlere öňden çözülendir öýdülen meseleleriň üstüne täzeden dolanmak gerek bolar. Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen aragatnaşykda sabyrly we näzik bolmaga çalyşyň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Öň başlan işleriňizi üstünlikli tamamlap, soňky döwürde sizi binjalyk eden soraglara jogap taparsyňyz.
Irden sizde işleri tertibe salmak islegi güýçli bolar we öň çylşyrymly ýaly görünýän meseleleriň hötdesinden tiz gelersiňiz. Käbir meseleleri çözmek üçin goşmaça güýç sarp etmeli bolarsyňyz, emma siz muny ýeke özüňiz etmeli bolmazsyňyz. Ýanyňyzda kömek etmäge taýýar adamlar bolar. Şeýle hem logiki pikirlenmek ukybyňyz we jikme-jiklikleri görüp bilmegiňiz içylşyrymly ýagdaýlarda hem dogry çözgüt tapmaga kömek eder.Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda sabyrly bolmak zerur bolar. Maşgala agzalarynyň isleglerine ünsli garamaga çalyşyň, maşgala işlerine gatnaşmakdan ýüz öwürmäň. Kimdir biri siziň ýanyňyzda bolmagyňyza mätäç bolup biler. Siziň üçin gymmatly adamlara wagt bölüň bu gatnaşyklaryňyzy has-da berkider.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Ir säher dostlaryňyz ýa-da garyndaşlaryňyz bilen jedeller bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýlarda asudalygy saklamaga çalyşyň we gödek sözlere gödeklik bilen jogap bermäň. Ýakynlaryňyzy tankyt etmezlige çalyşyň, eger-de tankyt etseňiz, muny mümkin boldugyça ýumşak we sypaýy görnüşde aýdyň. Hatda dogry aýdylan bellikler hem adamlary ynjytmaga we gatnaşyklaryň bozulmagyna sebäp bolup biler. Şonuň üçin meseläni ýumşaklyk bilen görkezmek we çözgüt teklip etmek has gowudyr.
Meýilleşdirilmedik uly satyn alyşlary etmek ýa-da zerur däl zatlara pul harçlamak maslahat berilmeýär. Emma günüň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşyklaryňyzda sazlaşyk bolar, dostlaryňyz we söýgüliňiz bilen wagtyňyzy ýakymly geçirmek mümkin bolar. Täze tanyşlyklar hem peýdaly bolar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Gün durmuşyň köp ugurlarynda oňyn üýtgeşmeleri wada edýär. Intuisiýaňyza gulak asyň: hut ol size nähili hereket etmelidigini we oňyn ýagdaýlary doly peýdalanmagyň ýoluny görkezer.Eger-de siz öňden çylşyrymly ýaly görünýän meselä düşünmek isleseňiz, bu gün munuň üçin örän amatly gün. Ýakynlaryňyz bilen umumy meseleleri ýa-da maliýe soraglaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin hem gün amatlydyr. Öň düşünişmezlikler bolan bolsa-da, şu gün hemmeleri kanagatlandyrjak çözgüt tapmak mümkin bolar. Täze pikirler goldaw tapar we siziň öňe süren teklipleriňiz üstünlikli bolar.Syýahata ýa-da dynç alyş çärelerine gatnaşýan Akraplary täze tanyşlyklar garaşýar. Siz bilen pikirleri, meýilleri we dünýä garaýyşlary meňzeş adamlary tapmak mümkin. Şeýle tanyşlyklar dostluk ýa-da romantiki gatnaşyklaryň başlangyjy bolup biler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Gün wakalara baý we dürli ýagdaýlara eýe bolar. Emma sabyrly bolsaňyz, ýakynlaryňyz bilen düşünişmezliklerden gaça durup, möhüm işlerde üstünlik gazanyp bilersiňiz.Irden başlap çynlakaý garaýyş gerek bolar. Bu ýagdaý size köp wagtdan bäri yza süýşürilen işleri tamamlamaga kömek eder. Ondan soň bolsa täze işlere höwes bilen girişersiňiz we ilkinji netijeleri tiz görersiňiz. Esasy zat ownuk meselelere dälde diňe möhüm işlere ünsi jemlemekdir.Adaty bolmadyk ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Olar size durmuşa başgaça garamaga ýa-da öň üns bermedik zatlaryňyzy görmäge kömek eder. Garaşylmadyk duşuşyklar hem bolup biler we olar gyzykly pikirleri döreder, siziň hakyky isleýän zatlaryňyza düşünmäge kömek eder.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Täze tanyşlyklar üçin mümkinçilikler peýda bolar, şonuň üçin täze adamlara açyk boluň. Kimdir biri size aýratyn gyzyklanma bilen seredip biler. Emma bu günüň ýekeje artykmaçlygy däl.Gün dowamynda siz asuda we ynamly ýagdaýda bolarsyňyz, alada döredýän ýagdaýlar ýüze çykmaz. Köp zatlar üstünlikli gider, ownuk meseleler çalt çözüler.Öý işlerini tiz ýerine ýetirip bilersiňiz. Eger geçen hepde gutarmadyk işleriňiz bar bolsa, şu gün olara gaýdyp bilersiňiz netijesi garaşyşyňyzdan hem gowy bolar. Logiki pikirlenmek ukybyňyz kyn ýagdaýlarda dogry çözgüt tapmaga kömek eder.Daşky gurşawy üýtgetmek peýdaly bolar: gysga gezelenç ýa-da syýahat ruhuňyzy açar we täze güýç berer.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün işleriňizde tutanýerlilik talap eder. Emma ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda ýumşak bolmak we diňlemäge taýýar bolmak has peýdalydyr.Esasy maksatlaryňyzy öňünden kesgitläň we ähli güýjüňizi diňe möhüm zatlara gönükdiriň. Eger näme isleýändigiňizi anyk bilseňiz we şol ugurda yzygiderli hereket etseňiz, netijeler tiz wagtda peýda bolar.Öý işleri garaşyşyňyzdan köp wagt we güýç talap edip biler. Käbir zatlary täzeden etmeli ýa-da başga ýol tapmaly bolarsyňyz. Emma munuň üçin gaharlanmaň ýagdaýy kabul edip, sabyrly boluň. Siz hökman üstünlik gazanarsyňyz, diňe azajyk köp wagt gerek bolar.
Şahsy gatnaşyklarda käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Ýakyn adamlar bilen düşünmek käwagt kyn bolar, sebäbi siziň üçin açyk görünýän zatlar olara düşnüksiz bolup biler. Ýuwaşlyk bilen düşündirmäge çalyşyň bu hemmeler üçin amatly çözgüde getirer.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu ýekşenbe hakykatdan hem jadyly ýaly bolar, aýratyn hem aşyk bolanlar üçin, olary ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlar we romantiki pursatlar garaşýar. Emma beýleki ähli Hutlar hem günüň nähili gowy geçýändigine begenerler.Oňyn energiýanyň täsiri güýçli bolar. Irden başlap güýç we optimizm duýarsyňyz. Eger wagtyňyza dogry peýdalansaňyz, özüňiz we ýakynlaryňyz üçin köp peýdaly işleri edip bilersiňiz. Intuisiýaňyz sizi ýaman adamlardan we ýalňyş ädimlerden gorar. Şeýle hem kynçylyk döredýän adamlara nähili çemeleşmelidigini görkezer.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
