2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmegiň geljegi, şeýle hem häzirki zaman şertlerini nazara almak bilen işewürlik gatnaşyklaryny diwersifikasiýa etmek boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Şu nukdaýnazardan, taraplar özara söwda dolanyşygynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Bu ugurda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de Türkmen-türk işewürler geňeşiniň işi, şeýle hem pudaklaýyn sergileriň we bilelikdäki işewürlik forumlarynyň geçirilmegi möhüm ähmiýeti nygtaldy.
