JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Azerbaýjanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy bilen bilelikde gurnaýan Şäherleriň Bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşar.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-premýer şu ýylyň maý aýynda geçiriljek halkara çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň 17-22-nji maýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy babatda degişli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Related posts

Oba milli maksatnamasy: 15 ugur boýunça 160 bina gurlar

Halkara gatnaşyklary institutynda “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkezini açylar

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy