DÜNÝÄ

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew myhmançylykda boldy.

Myhman Döwlet kitaphanasynda duz-çörek bilen garşylandy we kitaphana gezelenç etdiler. Soňra olar kitaphanada bölümleriň alyp barýan işleri we türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergi, Ýazyjy-şahyrlaryň hem-de hemişelik, wagtlaýyn durýan kitap sergileri bilen giňişleýin tanyş boldylar.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary S.Raýew “Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde hem-de “Seýrek neşirler” bölüminde gezelençde bolmak bilen, seýrek neşirler bölüminde iň gadymy neşirler bilen hem tanyş boldylar.

Gezelenjiň dowamynda myhman Döwlet kitaphanasyna “Türk dünýasi geleneksel çoсuk oýunlari” atly kitaby sowgat berdi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretaryna Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly gymmatly kitaby sowgat berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen şeýle ajaýyp çäreleriň, gezelençleriň gurnalmagy ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna uly ýardam berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Marlen Mamataliýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistanyň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Kasymaliýew Türkmenistanda: Gyrgyzystanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 7 milliard dollardan geçdi

Ali Asadow: GDA-nyň ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi