DÜNÝÄ

Beýik Britaniýanyň ilçihanasyndan surat we wideo bäsleşigi

Şu günler ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň dabaralary giňden bellenilýär. Ine, şeýle günlerde Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem özboluşly bäsleşik yglan etdi. Bu barada ilçihananyň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Şoňa laýyklykda, Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçilmeginiň çäklerinde, Türkmenistanda özüňize ylham berýän göreldeli zenan şahsyýet barada we onun size berýän ylhamy barada gürrüň bermäge çagyrýar. Bu geçirilýän kompaniýa/çärä gatnaşmak üçin: göreldeli şahsyýetiňiz barada wideo ýa-da surat düşürip ilçihananyň @britishembassyashagabat toruna ibermegiňiz soralýar.

Bu çärä 15-nji marta çenli gatnaşyp bilersiňiz.

Ilçihana iň bir ylham beriji suratdyr wideolary saýlap alar we bu bäsleşikde ýeňiji bolanlary hem-de göreldeli zenan şahsyýeti Beýik Britaniýanyň ilçisi hanym Lusiýa Uaýld we ilçihanaň işgärleri bilen ilçiň rezidensiýasynda öýlänlik çaýyna çagyrar.

Related posts

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

Halkara resminamalaryň 112-sine gol çekildi

Leave a Comment