DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby Bakuda tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Onda beýik akyldar şahyryň umumadamzat ähmiýetli döredijiligi, doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde dabaraly belleniljekdigi we çärelere ýurdumyzda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada belläp geçdiler

Şeýle hem, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu kitabyň ýaş nesilleri watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedigini we Döwlet baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi barada nygtap geçdiler.

Ýokarda agzalan çärelere Azerbaýjanyň milli Ylymlar akademiýasynyň hem-de bu Akademiýanyň Nizami Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň professor-alymlary, magtymgulyşynaslar we Azerbaýjanda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Dabaraly çäre Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň Magtymguly Pyragy barada Azerbaýjanda surata düşürilen “Hakyň guly – Magtymguly” atly dokumental filmi görkezilmegi bilen tamamlandy.

Related posts

BMG : Aşgabatdaky maslahatyň halkara ähmiýeti

Dr.Döwran Orazgylyjov

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Bir gün Golliwuddanyň» görkezilişi ýatyryldy

vepa