BIZNES

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär

Türkmenistan Gün elektrik stansiýasyny gurmak baradaky Hytaýyň hödürleýän teklibine garaýar. Bu barada Aşgabatda geçirilen türkmen-hytaý işewürler forumynda çykyş eden Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow mälim etdi.

«Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris. Häzirki wagtda Hytaýyň “PowerChina” kompaniýasynyň kuwwaty 300 megawat bolan gün elektrik stansiýalaryny gurmak baradaky teklibi öwrenilýär» diýip, Saparow belledi.

Ol şeýle hem taslamanyň amala aşyrylmagynyň çäginde kompaniýanyň ýeňillikli we uzak möhletleýin karz serişdelerini hödürleýändigini nygtady.

Soňky ýyllarda Türkmenistan goşulan halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak we zyýanly zyňyndylary azaltmak ugruna eýerýär.

«Ýurduň günbatarynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan utgaşykly Gün we ýel elektrik stansiýasy eýýäm ulanmaga berilmäge taýýarlandy. Bu desganyň işe girizilmegi pudagymyzda “ýaşyl” energetikany giň gerim bilen ornaşdyryp başlamagyň nyşany bolar» diýip, ministriň orunbasary habar berdi.

Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda umumy kuwwaty 7 000 megawat bolan 11 sany elektrik stansiýasy işleýär.

«Munuň özi diňe bir içerki sarp edijileri ygtybarly üpjün etmäge däl, eýsem goşny ýurtlara eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberini ýylsaýyn artdyrmaga hem mümkinçilik berýär» diýip, belledi.

Ol esasy taslamalar we halkara hyzmatdaşlygy barada durup geçmek bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasynyň taslamasyny aýratyn agzady. Bu taslamanyň türkmen bölegi daşary ýurtly maýadarlaryň işjeň gatnaşmagynda amala aşyryldy.

Ministriň orunbasary Ahal — Balkan, Ahal — Mary we Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energiýa ulgamynyň döredilmegini hem möhüm üstünlikleriň biri hökmünde görkezdi. Bu taslama Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýalary hem işjeň gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýdan 439 million dollarlyk nebitgaz enjamlaryny satyn alýar

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köptaraply ösüşiň täze derejesine çykýar

Türkmen işewürleri Londonda iş saparynda bolarlar

Ministr: häzirki ýagdaýlar-täze energiýa ugurlaryny kemala getirmek üçin pursatdyr

Baýramalydaky dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürmek meýilleşdirilýär