MEDENIÝET

Dünýäniň iň garry gorillasy 69 ýaşady

Dünýäniň iň garry gorillasy bolan Fatu, Berlin haýwanat bagynda özüniň 69 ýaşyny belledi. Baýramçylyk mynasybetli, maýmynyň ýaşynyň birçene barandygy sebäpli, rekordçynyň iýmitinden gant we miweler doly aýrylyp, oňa täze gök önümlerden ybarat nahar berildi.

1959-njy ýylda Günbatar Afrikadan Germaniýa getirilen Fatu tebigatda adaty ýagdaýda ýaşaýan gorillalarynyň ortaça ömür dowamlylygyndan ep-esli köp ýaşady.

Şu günki günde, ömür dowamlylygy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen bu gorilla, haýwanat bagynyň iň garry ýaşaýjysy bolup durýar.

Onuň anyk doglan güni belli däl, ýöne 13-nji aprel resmi doglan güni hasaplanýar. Tebigy şertlerde gorillalar takmynan 35−40 ýyl ýaşaýarlar, haýwanat baglarynda bolsa bu möhlet has uzak bolýar.

Related posts

Wan Goguň eseri 13 million ýewro satyldy

Türkmenistan Gyrgyzystandaky halkara kinofestiwala gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

6 ýyldan soňra täze kitabyny çykarýar

Ata Watan Eserleri