MEDENIÝET

Türkmen filmleri Daşkent festiwalyna gatnaşýar

Oguzhan adyndaky«Türkmenfilm» birleşiginiň wekilýeti 13-18-nji sentýabr aralygynda Daşkent şänerinde geçiriljek «Ýüpek ýolunyň merjeni» XIV halkara kinofestiwalyna gatnaşar.

Daşkent kino baýramynda dünýäniň 40 ýurdundan çeper, dokumental we gysga metražly filmleriň 150-si görkeziler şeýle hem kino önümçiligine, bilimine, kinofilmleri görkezmäge, filmleri surata düşürmäge degişli çäreleriň 20-den gowragy geçiriler. Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna Takeşi Kitano, Armand Assante, Burak Özçewit, Sergeý Bezrukow, Jonni Depp (onlaýn) we Timur Bekmambetow gatnaşarlar.

Daşkent halkara kinofestiwlaynyň çäklerinde 15-16-njy sentýabrda Samarkantda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň baştutanlarynyň Sammitine gabatlanyp, şol ýurtlaryň kino Günleri geçiriler.

Türkmen kinematografiýaçylary Daşkent kinofestiwalynyň çäreleriniň köpüsine, şol sanda onuň açylyş we ýapylyş dabaralaryna, ýaş kinematografiýaçylaryň «Kino bäş günde» halkara bäsleşigine, GDA ýurtlarynyň milli kinostrudiýalarynyň mejlisine gatnaşarlar, onda Arkalaşygyň ýurtlarynyň kinosenagaty guramalary halkara birleşigini döretmek barada Ylalaşyga gol çekmek göz öňünde tutulýar, şeýle hem 13-nji, 16-njy we 17-nji sentýabrda Türkmen kinosynyň günlerini geçirerler. Onda türkmen režissýorlary Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin», Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we Wepa Işangulyýewiň «At-myrat» filmleri görkeziler.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy