JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde 5-nji Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gysga wagtlyk duşuşygy boldy.

Onuň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet V Antalýa diplomatýa forumyna gatnaşýar. V Antalýa diplomatýa forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşygy boldy.

Related posts

Yaşlılar Konseyi 9 Ekimde toplanacak

vepa

Romanya’nın AB Dönem Başkanlığı’nda Orta Asya önemi

vepa

Milli Liderimiz we Gazak Baştutany senagat sergisine baryp gördüler